Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba Türkiýäniň töwellaçylyk etmeginde şu gün Antalýada geçirilcek daşary işler ministrleriniň Russiýa-Ukraina-Türkiýe üçtaraplaýyn maslahatyna gatnaşmak üçin Antalýa geldi.
Kuleba we Ukrainanyň wekiliýetini getiren uçar düýn Antalýanyň howa menziline gondy.
Wekiliýet Serik etrabynyň Belek syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhana bardy.
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem düýn Antalýa gelipdi.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Lawrow we Kuleba şu gün üçtaraplaýyn maslahat üçin Belek syýahatçylyk merkezindäki myhmanhanalardan birinde duşuşarlar.
Mewlüt Çawuşogly Kuleba bilen maslahat ozal duşuşyk geçirdi.