Ukrainanyň BMG-däki ilçisi Putini Gitlere meňzetdi

Ukrainanyň BMG-däki ilçisi Putini Gitlere meňzetdi

"Bu söweş häzirki wagtda gaçybatalgada oturan biri (Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin) tarapyndan saýlandy. 1945-nji ýylyň maý aýynda Berlindäki gaçybatalgada oturan adamada (Adolf Gitler) näme bolandygyny ählimiz bilýäris" diýip belledi.

Sergiý Kislisa Ukrainada dowam edýän söweş sebäpli adatdan daşary ýagdaýda geçirilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda çykyş etdi.

Sergiý Kislisa Russiýanyň Ukraina hüjümi bilen II Jahan urşunyň başlangyjynyň arasynda meňzeşligiň bardygyny belläp, Wladimir Putiniň ýadro güýçlerini taýarlykly ýagdaýa getirmegine "Bu nähili telbelik" diýip reaksiýa bildirdi.

Ukrainanyň BMG-däki ilçisi Putin barada: "Eger özüni öldürmek isleýän bolsa ýadro güýçlerini ulanmaga zerurlygy ýok, etmeli zady 1945-nji ýylyň maýynda Berlindäki gaçybatalgadaky adamyň edenini edäýmeli" diýip belledi.

Sergiý Kislisa BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň Russiýanyň Ukraina garşy hüjümlerini bes etdirmegi we ýurdundan şertsiz ýagdaýda yza çekilmegi üçin sesini gataltmagynyň zerurdygyny belläp, Russiýanyň agressiýasyna goşulyşýan we goldaw berýän Belarussiýanyň hem açyk bolmagynyň gerekdigini beýan etdi.

Häzirki wagtda Ukrainada başdan geçirilýänleriň Ýewropa üçin gyssagly howpsuzlyk we ynsanperwer netijeler ýüze çykarýandygyna ünsleri çeken Sergiý Kislisa, beýleki ýurtlar üçin hem azyk, howpsuzlyk, energiýa, maliýe bazarlar we ykdysadyýet ýaly ugurlaryň çökmekleri bilen birlikde täsirini soň görkezjekdigini habar berdi.

Sergiý Kislisa: "Ukraina bu dartgynlykdan diri çykmasa halkara parahatçylyk ýaşap bilmez. Eger Ukraina diri galmasa BMG ýaşap bilmez, hyýallara aldanmaň. Ukrainany halas etseňiz BMG-ny, demokratiýany halas edersiňiz" diýip nygtady.

Ukrainanyň ähli zada garamazdan Russiýanyň hüjümlerine garşy göreşýändigini we häzirki wagta çenli 5 müňe golaý esgerini öldürendigini aýdan Sergiý Kislisa, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda öldürilen bir esgeriň ýanyndan çykan we ejesi bilen ýazyşan telefondaky hatlaryny okatdy.

Russiýanyň esgerleri 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

Ýene degişli makalalar

Geýmerleriň Gitleri näçe gezek ýok edendigi hasaplandy
Polşanyň Prezidenti Duda Russiýanyň Prezidenti Putini Gitlere meňzetdi
Özbegistanyň we Belarussiýanyň kinostudiýalary bilelikde iki film surata düşürmekçi