Ukrainanyň Baş Ştaby: "Russiýa Bahmut şäherini basyp almak üçin tagallalaryny dowam etdirýär"

Ukrainanyň Baş Ştaby: "Russiýa Bahmut şäherini basyp almak üçin tagallalaryny dowam etdirýär"

Ukrainanyň Baş Ştabyndan berilen beýanatda, Russiýanyň goşunynyň esasy güýçlerini Liman, Bahmut, Awdeýewka, Marinka we Şahtýorsk ugurlarynda hüjüme geçmek üçin ýygnaýandygy mälim edildi.

Soňky 1 günde rus harby güýçleriniň Donetsk sebitiniň Slowýansk şäheriniň infrastrukturasyna raketalar bilen hüjüm gurandygy bellenen beýanatda: "Duşman 6 howa hüjümini we zalp atyş raketa ulgamlary bilen 20 aýry gezek hüjüm gurady" diýip habar berildi.

Beýanatda Russiýanyň goşunynyň Bahmut şäherini basyp almak üçin tagallalaryny dowam etdirýändigi bellenip, Ukrainanyň goşunynyň şol ugurlardaky Minkowka we Orehowo-Wasilýewka ýaşaýyş ýerlerinde rus hüjümlerini yzyna serpikdirendigi beýan edildi.

Mundan başgada Donetsk sebitiniň Bogdanowka, Bahmut, Çasow Ýar, Kurdýumowka, Družba, Maýorsk we Nýu-Ýork şäherleriniň hem hüjümlere sezewar galandygy aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär
Abbas Moskwa Sapar Eder
Ispaniýanyň ikinji çempionlygy
Russiýaly ussat pianinoçy Ýuriý Bogdanow Aşgabatda çykyş etdi
09.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy