Ukrainaly futbolçy Belgiýa transfer boldy

Benfika toparynyň ukrainaly hüjümçisi Roman Ýaremçuk mundan soň karýerasyny Belgiýanyň Klub Brýugge toparynda dowam eder. 26 ýaşly oýunçy brýuselliler bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy.Klub Brýugge Ýaremçugyň transferi üçin portugal klubuna 16+3 million ýewro berer.

Benfika topary oýunçynyň indiki transferiniň mukdary 10 million ýewrodan ýokary bolsa, onda olar şonuň 10 göterimini hem alarlar.Benfikadan öň Belgiýanyň başga bir kluby Gentde 4 möwsüm çykyş eden Ýaremçuk Dinamo Kiýewde futbola başlapdy. Ýaremçuk Benfikada 2 möwsümde 47 oýunda 9 gol geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji gezek 1/8 finala çykdy
Brýugge 17-nji gezek Belgiýanyň Superkubogyna mynasyp boldy
Türkmenistan Sport Belgiýanyň Superkubogy üçin geçiriljek duşuşygy göni ýaýlyma berer
ÝÇL: 16-dan 14-si belli boldy
1/8 finalyň bijeleri çekildi: “Liwerpul” “Real Madrid”, PSŽ “Bawariýa”
Aşgabatda Türkiýede bolup geçen ýertitremede ejir çekenler üçin ynsanperwer kömegi toplandy, Lebap sement zawody 2022-nji ýylda 1 million tonnadan gowrak önüm öndürdi, Türkmenistanda güýçli ýagyş ýagar we beýleki habarlar