Ukrainadan Russiýa Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Guraldy

Ukrainadan Russiýa Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Guraldy

Ukrainanyň Russiýanyň Saratow şäherine uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygy habar berildi.

Saratowyň gubernatory Roman Busargin, Telegramdan beren beýannamasynda, Ukrainanyň harby goşunynyň düýn gije Saratow şäherine uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygyny aýtdy.

Hüjümde ýaralananlaryň bardygyny aýdan Busargin, “Uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümde Predmostowa meýdanynda ýerleşýän bir bina zeper ýetirildi” diýdi.

Şäherdäki käbir öýlere hem zeper ýetirlendigini aýdan Busargin, nyşana alynan binalardaky asuda ilatyň howpsuz ýere göçürlendigini belledi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada hem düýn gije Ukrainanyň rus topraklaryna hüjüm guramaga synanşandygy we 20 uçarmansyz howa ulagynyň ýok edilendigi ýatladyldy.

Beýannamada “Saratowda 9, Kurskda 3, Belgorotda 2, Bryanskda 2, Tulada 2, Orlowda 1 we Ryazadanda hem 1 uçarmansyz howa ulagy rus howa goranyş ulgamlary tarapyndan ýok edildi” diýildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy wiza bermegini 50% köpeldendigini aýdýar
Tehnologiýa synag edildi
Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň ekin meýdanlaryny çekirtge basdy
Russiýanyň Prezidenti aşgabatly zähmet weteranyny 100 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady
Türkmenistanyň wekiliýeti Sur Ýary festiwalyna gatnaşdy
Aşgabatda Ýuriý Gagariniň heýkeli açyldy