19-njy iýulda Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Ukrainadan hoşallyk haty gelip gowuşdy. Şanly waka mynasybetli bu ýerde geçirilen dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, gaznanyň müdiriýetiniň agzalary, Arkadag şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdylar.
Hoşallyk hatynda Ukraina Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden degişli derman we lukmançylyk serişdeleriniň, Dokma senagaty ministrliginden harytlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden azyk önümleriniň ugradylandygy bellenilýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýar we netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar.
Ukrainanyň çagalaryna ynsanperwerlik ýüküniň iberilmegi biziň halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgelerine, dostluga ygrarlydygynyň nyşanydyr.Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkiýe Respublikasyna we Owganystana hem ynsanperwerlik ýükleri iberildi.
Soňra Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýko çykyşynda ukrain halkynyň adyndan hem-de öz adyndan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize ynsanperwerlik kömegi üçin hoşallygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň: “Çagalar hakyndaky alada röwşen geljek baradaky aladadyr” diýen parasatly sözlerini mysal getirdi.
Ilçi hoşallyk haty bilen birlikde, haýyr-sahawat gaznasyna Türkmenistandan sowgatlary alan Ukrainanyň dürli sebitlerinden bolan çagalaryň şadyýan keşbini şekillendirýän fotosuratlary gowşurdy.
Hoşallyk hatynda “Belozersk hassahanasy” täjirçilik bolmadyk jemagat kärhanasynyň baş lukmany, “OHMATDET” milli ýöriteleşdirilen çagalar hassahanasynyň baş direktory we beýlekiler türkmen tarapyna çuňňur hoşallyklaryny beýan edipdirler.
Ukrainanyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekiliniň belleýşi ýaly, ynsanperwerlik kömegini almak ukrain çagalarynyň durmuşynda şatlykly waka boldy. Mätäçlik çekýänlere ýardam bermek Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran haýyr-sahawat gaznasynyň ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýetli ornunyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň baş direktory M.Öküzowa hoşallyk hatyny hem-de fotosuratlary kabul edip, olaryň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň muzeýinde goýuljakdygyny aýtdy.
Merkeziň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen gazna tarapyndan diňe bir türkmen çagalaryna däl, dünýäniň dürli ýurtlarynyň çagalaryna-da yzygiderli ynsanperwerlik kömeginiň iberilýändigini belledi.Häzirki wagtda haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi körpelerde bagtyýar durmuşa umyt uçgunyny döredýär.
Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, çagalarymyzyň hemişe üns-alada bilen gurşalandygyny nygtap, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti ýurdumyzyň Ukraina iberen ynsanperwerlik kömeginiň ähmiýetini belledi.
Soňra dabara gatnaşyjylar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde näsag çagalary bejermek, olaryň saglygyny dikeltmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdyryldy. Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi merkeziň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi.