Ukrainada Russiýanyň guran hüjümlerinde 499 çaga ýogaldy

Ukrainada Russiýanyň guran hüjümlerinde 499 çaga ýogaldy

Ukrainanyň Baş prokuraturasyndan berilen beýanatda, Russiýanyň başladan giň gerimli uruşynda Ukrainada köp sanda çaga ýaramaz täsir ýetendigi mälim edildi.

Beýanatda: "Prokurorlardan alynan resmi maglumatlara görä 499 çaga ýogaldy we 1090-dan gowrak çaga tapawutly derejede ýaralandy" diýip habar berildi.

Şol maglumatlaryň gutarnykly bolmandygy bellenen beýnatda: "Operasiýalaryň dowam edýän ýerlerinde, wagtlaýyn häsýetde basylyp alynan we azat edilen sebitlerde olaryň anyklanmagy üçin işler geçirilýär" diýip aýan edildi.

Beýanatda Donetsk sebitinde 483 çaga, Harkow sebitinde 129 çaga, Herson sebitinde 117 çaga, Zaparožýe sebitinde 97 çaga, Nikolaýew sebitinde 95 çaga, Dnepropetrowsk sebitinde 94 çaga, Çernigow sebitinde 71 çaga we Lugansk sebitinde 67 çaga uruş sebäpli ýaramaz täsir ýetendigi bellendi.

Ýene degişli makalalar

TDG-na agza ýurtlaryň Baş Prokurorlarynyň 3-nji geňeşi geçirildi
Türkiýe: "Tunisde Mejlisiň işleriniň togtadylmagyna alada bildirýäris" diýdi
Türkmenistanyň üç raýaty iki ýyl bäri Ukrainada sud edilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda
12.08.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň nobatdaky sany