Ukrainada Rus Goşuny Tarapyndan Guralan Soňky Hüjümde 8 Adam Ýogaldy

Ukrainada Rus Goşuny Tarapyndan Guralan Soňky Hüjümde 8 Adam Ýogaldy

Ukrainada rus goşuny tarapyndan soňky 24 sagatda guralan hüjümlerde 8 adam ýogaldy, 44 adam hem ýaralandy.

Mesele hakynda berlen beýannamada, Ukrainanyň Donesk sebitine guran hüjüminde asuda ilatdan 4 adamyň ýogalandygy, 11 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Beýannamada, hüjümde köp sanly bina uly zeper ýetirlendigi ýatladyldy.

Rus goşuny tarapyndan Odessa guralan hüjümde hem asuda ilatdan 3 adamyň ýogalandygy, 3-i çaga 14 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Russiýanyň Herson sebitine guran hüjüminde bolsa 1 adamyň ýogalandygy, 19 adamyň hem ýaralanandygy mälim edildi.

Ukrainanyň Baş ştabyndan berlen beýannamada, Ukrainanyň harby goşuny tarapyndan soňky 24 sagatda rus goşunyna degişli 21 tankyň, 48 sowutly ulagyň, 68 topuň, 2 howa goranyş ulgamynyň, 85 uçarmansyz howa ulagynyň we 60 ulagyň hatardan çykarlandygyna üns çekildi.

Ýene degişli makalalar

Rus Goşunynyň Ukraina Guran Soňky Hüjüminde 4 Adam Ýogaldy
Ukraina Russiýa Garşy 121 Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Hüjüm Gurady
Russiýanyň Şwesiýadaky Ilçihanasyna Hüjüm Guraldy
Ukraina: "Albashneft nebiti gaýtadan işleýän zawoda hüjüm guradyk" diýip mälim etdi
Rus Goşuny Annowka Etrabyny Ele Geçirdi
Ukrainanyň Goşuny Russiýanyň Territoriýasynyň 1000 Inedördül Kilometrini Aldy
Rus Goşuny Ukrainadaky Pozisiýalaryny Güýçlendirýär