Ukrainada ministrler wezipelerinden çekilýär

Ukrainada ministrler wezipelerinden çekilýär

Ukrainanyň parlamentiniň başlygy Ruslan Stefançuk sosial media hasabyndan beren beýanatynda, ministr Kulebadan wezipesinden çekilmek bilen bagly arzasyny alandyklaryny belläp, arzanyň parlamentiň umumy maslahatlarynyň birinde gözden geçiriljekdigini mälim etdi.

Düýn gije beren başga bir beýanatynda bolsa Stefançuk, Ukrainanyň wise-premýeri we Wagtlaýyn basyp alyşlyk astyndaky territoriýalaryň ýaňadandan integrasiýasy ministri Irina Wereşçuk bilen Ýewropa we Ýewropa-Atlantik integrasiýasyndan jogapkär wise-premýer Olha Stefanşinanyň hem parlamente wezipesinden çekilmek bilen bagly arzalaryny berendiklerini habar berdi.

Düýn bolsa Ukrainanyň Strategik senagatlar ministri Oleksandr Kamyşin, Adalat ministri Denis Malýuşa, Daşky gurşawy goramak we Tebigy serişdeler ministri Ruslan Strelets bilen Ukrainanyň Döwlet emläk gaznasynyň başlygy Witali Kowal parlamente wezipesinden çekilmek üçin ýüz tutdylar.

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiniň ýokary derejeli geňeşçilerinden biri bolan Rostyslaw Şurma hem Prezidentiň karary bilen wezipesinden çekildi.

Bu üýtgeşmeler hökümediň başyndaky partiýanyň parlament lideri Dewid Arakhamianyň ministrler kabinetiniň ýarysynyň çalşyljakdygyny mälim edeninden soň boldy.

Ukrainanyň prezidenti Zelenskiý bu üýtgeşmeleriň Ukrainanyň zerur netijelere ýetmegi üçin möhümdigini aýtdy we hökümetiň käbir ugurlaryny güýçlendirmelidigini aýtdy.

Zelenskiý ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen öňümizdäki aý geçirjek duşuşygyndan ozal hökümetde üýtgedip gurmak boýunça taýýarlyklaryň tamamlanandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý magdan ylalaşygy üçin Waşingtona sapar eder
Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy
Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Türkiýede Saparda Bolar
“ABŞ bilen Russiýanyň arasynda gazanyljak emma Ukrainany öz içine almaýan ylalaşygy kabul etmeris”
Tramp Putin bilen duşuşyk geçirip biler