Ukrainada F-16 harby uçar ýere gaçdy

Ukrainada F-16 harby uçar ýere gaçdy

Ukrainanyň Baş ştabynyň Telegram hasabyndan berilen ýazmaça beýanatda, Russiýanyň 26-njy awgustda Ukraina garşy guran howa hüjümlerinde Ukraina degişli F-16 uçarlarynyň uçuş amala aşyrandygy habar berildi.

Beýanatda F-16-laryň raketa hüjümlerini serpikdirmek maksady bilen uçuş ýerine ýetirendikleri bellenip: "Howa söweşinde F-16 uçary ýokary netijelilik görkezdi, duşmana degişli 4 ganatly raketa howada ýaraglar bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim edildi.

F-16 uçarlarynyň biriniň nyşana golaýlan mahaly arabaglanşygyň kesilendigi bellenen beýanatda: "Nobatdaky nyşana golaýlan mahaly uçarlaryň biri bilen aragatnaşyk kesildi. Ondan soň mälim bolşyna görä uçar ýere gaçdy, uçaryň uçarmany ýogaldy" diýip habar berildi.

Wakanyň sebäbini anyklamak üçin uçaryň ýere gaçan sebitine derňew geçirmek maksady bilen ýörite toparyň gönükdirilendigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukraina hüjüm guramaga dowam edýär
Ukraina: "Rus goşuny tarapyndan uçurylan uçarmansyz howa ulaglary ýok edildi" diýdi
Russiýa: "Donetskdäki Memrik obasyny ele geçirdik" diýdi
Islandiýada gowagyň çökmegi netijesinde 1 adam ýogaldy
Soňky bir hepdede 95 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türkiye Ysraýylyň beýanatyny berk ýazgardy