Ukrainada Dikuçar Heläkçiliginde Ýogalanlar Soňky Ýoluna Ugradyldy

Ukrainada Dikuçar Heläkçiliginde Ýogalanlar Soňky Ýoluna Ugradyldy

Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň golaýynda heläkçilige uçran dikuçarda ýogalan Ukrainanyň Içeri işler ministri Denis Monastyrskiý bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar soňky ýoluna ugradyldy.

Ministr Monastyrskiý bilen birlikde heläkçilikde ýogalan Içeri işler ministrliginiň 7 ýolbaşçysy üçin paýtagt Kiýewde jaýlama çäresi geçirildi.

Çärä, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý hem gatnaşdy.

Zelenskiý bilen aýaly Ýelena Zelenskaýa, dikuçar heläkçiliginde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi.

18-nji ýanwarda ertiriň irki sagatlarynda Içeri işler ministri Denis Monastyrskiniň münen dikuçarynyň heläkçilige uçramagy sebäpli ministr bilen birlikde 14 adam ýogalypdy.

Waka hakynda gozgalan derňew işi dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Gwatemala Gynanç Bildirdi
Eýranda Bolan Awtobus Heläkçiliginde Pakistanly 28 Adam Ýogaldy
Garabogazda ýol heläkçiliginde Ýokary gözegçilik edarasynyň iki işgäri heläk boldy
Aşgabat-Daşoguz gara ýolunda bolan ulag hadysasynda dokuz adam heläk boldy
Nepalyň howa gullugy edarasy uçar heläkçiliginde 18 adamyň pida bolandygyny tassyklady
Günorta Koreýada Bolan Ýol Heläkçiliginde 9 Adam Ýogaldy
Fransiýada Bolan Uçar Heläkçiliginde 3 Adam Ýogaldy