Ukraina we Russiýa ýesir çalşygyny amala aşyrdylar

Ukraina we Russiýa ýesir çalşygyny amala aşyrdylar

Habary sosial mediadan paýlaşan Wladimir Zelenskiý, ýesir çalşygynyň çäginde 187 harby we asuda ilatdan 2 adam bolmak bilen jemi 189 ukrainalynyň azat edilendigini, bu mesele boýunça işlerini dowam etdirjekdiklerini habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden hem ýesir çalşygy bilen bagly berilen beýanatda: "Gepleşikleriň netijesinde resmi Kiýewiň gözegçiligi astyndaky territoriýadan 150 rus esgeri yzyna alyndy.Onuň öwezine 150 ukrain esgeri yzyna berildi.

Azat edilen rus esgerler Belarussiýada, esgerlere zerur bolan lukmançylyk we psihologiki goldaw berilýär.Esgerlerimiz ministrlige degişli saglygy goraýyş merkezlerinde bejergi edilmekleri üçin Moskwa ugradylar.Birleşen Arap Emirlikleri rus esgerleriniň boşadylmagynda ynsanperwer araçy rol eýeledi" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

“Demirgazyk Koreýaly 2 Esgeri Ýesir Aldyk”
“ABŞ bilen Russiýanyň arasynda gazanyljak emma Ukrainany öz içine almaýan ylalaşygy kabul etmeris”
Germaniýanyň Federal kansleri Ukraina bardy
Zelenskiý: Ukraina Russiýanyň basyp alan ýerlerini diplomatiýa arkaly  yzyna almak almak isleýär
Tramp Ukrainada gysga möhletde hüjümleriň bes edilmegini isleýär
Britaniýa we Ukraina “100 ýyllyk ýaranlyk” ylalaşygyna gok çekişdi