Ukraina: "Urožaýnoýe obasy azat edildi" diýdi

Ukraina: "Urožaýnoýe obasy azat edildi" diýdi

Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Anna Malýar, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, gündogarda Ukrainanyň goşunynyň üstünlikler gazanandygyny habar berdi.

Anna Malýar: "Urožaýnoýe obasy azat edildi. Esgerlerimiz liniýalaryny berkidýärler. Çozuş hereketleri dowam edýär" diýip mälim etdi.

Ukrainanyň Baş Ştabyndan berilen beýanatda, soňky birnäçe günde Rus goşunynyň Urožaýnoýe obasynda elinden aldyran liniýalary yzyna almaga synanyşandygy, emma üstünlik gazanyp bilmändigi habar berildi.

Soňky 24 sagatda rus harby birikmeleriniň Ukrainanyň territoriýasyna 42 raketa, 56 howa hüjüminiň gurandygy, Ukrainanyň birikmeleriniň liniýalaryna we ýaşaýyş ýerlerine köp nilli raketa ulgamlary bilen 36 gezek ot açylandygy bellenen beýanatda, front liniýasynda 30-a golaý çaknyşygyň bolandygy aýan edildi.

Beýanatda Russiýanyň Kupýansk, Liman ugurlarynda hüjümlerini dowam etdirýändigi bellenip, Bahmut ugrunda Rus goşunynyň Donetsk sebitiniň Wasýukowka, Klişewka, Andreýewka we Sewernoýe ýaşaýyş ýerlerine howa hüjümini gurandygy mälim edildi.

Awdeýewka ugrunda rus esgerleriň Donetsk sebitiniň Awdeýewka şäheriniň günortasynda şowsuz çozuş amala aşyrandygy öňe sürülen beýanatda, Marinka we Krasnogorowka şäherlerinde rus hüjümleriniň yzyna serpikdirilendigi aýan edildi.

Ukraina 27-nji iýulda Donetsk sebitindäki Staromaýorskoýe obasynyň azat edilendigini habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

“Duşmany Ýok Etmäge Dowam Edýäris”
Ukraina: "Sekiz ilatly ýer azat edildi" diýdi
Ukraina rus basyp alyşlygyndan azat edilen sebitler barada beýannama berdi
Zelenskiý Daşary işler ministri wezipesine Andreý Sibigany teklip etdi
29-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Iň gowy restoranlarynyň sanawyny düzüldi