Ukraina Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar

Ukraina Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar

2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Ilçi Toýly Ataýew Ukrainanyň W.N.Karazin adyndaky Harkow döwlet uniwersitetiniň ylmy-mugallymçylyk işleri boýunça prorektory Zarif Nazyrow bilen duşuşyk geçirdi.

Uniwersitetiň prorektory Ukrainanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň hatarynda duran bu ýokary okuw jaýynyň gurluşy we işi, şol sanda halkara bilimini ösdürmek, şeýle hem okuw prosesini guramagyň aýratynlyklary, okuw jaýynyň işiniň esasy ýörelgeleri we halkara maksatnamalary barada aýdyp, bu ugurda prorektor birnäçe daşary ýurt uniwersitetleri bilen “iki diplom” programmalaryny ornaşdyrmaga ünsüň berilýändigini belledi.

Uniwersitetiň prorektory ozal uniwersitetde türkmen talyplarynyň sanynyň gaty köpdügini belläp, W.N.Karazin uniwersitetiniň Türkmenistandan dalaşgärleriň sanyny artdyrmak islegleriniň bardygyny we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki zaman bilimleri we tejribe alyşmak, medeniýetara aragatnaşygy guramak we ýokary okuw jaýlarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada hem pikir alyşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý Ukrainanyň täze ballistik raketa synagyny geçirendigini habar berdi
Türkmenistan bilen Ukraina atçylyk ugrunda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi
Güler we Fidan Malaýziýada Saparda Bolýar
Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy Ukrainanyň diplomatik žurnalynda çap edildi