Ukraina Türkiyäniň özlerine kasset bombasyny berendigi baradaky öňe sürmeleriň nädogrydygyny aýtdy

Ukraina Türkiyäniň özlerine kasset bombasyny berendigi baradaky öňe sürmeleriň nädogrydygyny aýtdy

Ukrainanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Wasyl Bodnar Türkiýäniň Ukrainany kasset bombasy bilen üpjün edendigi baradaky öňe sürmeler barada: "Bu Türkiye bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklara zyýan ýetirmek we dünýäde Ukraina, Türkiye barada erbet abraý döretmek üçin ýörite ýagdaýda öňe sürülen bir habardyr" diýip mälim etdi.

Wasyl Bodnar "Foreign Policy" žurnalynda berilen habardaky Türkiýäniň Ukrainany kasset bombasy bilen üpjün edendigi baradaky öňe sürmeleriň üstünde durup geçip, halkara hukugyň kasset bombasy we ok-däriniň gadagan edilendigini, ýurdunyň Russiýa garşy alyp barýan söweşinde halkara düzgünleri berjaý edýändigini habar berdi.

Öňe sürülen habaryň resmi çeşmeler tarapyndan tassyklanmandygyny we gybatdan ybaratdygyny aýdan Bodnar, öňe sürmäniň rus propogandasynyň bir bölegidigine ynanýandygyny we şonuň bilen Türkiye bilen Ukrainanyň nyşana alynandygyny beýan etdi.

Bodnar: "Şol öňe sürme dogry däl we ony dolulygyna ret edýärin. Bu Türkiye bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklara zyýan ýetirmek we dünýäde Ukraina, Türkiye barada erbet abraý döretmek üçin psihologiki gatnaşyk ýaragy, maglumat gatnaşyk ýaragy hökmünde öňe sürülen bir habardyr" diýip aýan etdi.

Beýleki tarapdan Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, metbugat işgärleriniň mesele bilen bagly soraglaryna jogap berdi.

Şol habarlaryň ynamdar bolup-bolmandygyny aýtmagyň kyndygyny aýdan Peskow: "Bilişiňiz ýaly ynamdar we dogry habarlardan köp galp habarlar bar. Şol sebäpli elbetde bularyň ählisine ýakyndan gözegçilik edýäris" diýip habar berdi.

Peskow Türkiyäniň Ukrainany Baýraktar we ok-däriler bilen üpjün edýändigini bilýändiklerini belläp: "Türkiye NATO agza ýurt hökmünde jogapkärçiliklere eýe we beýleki ýurtlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara eýe. Emma şol bir wagtda ikitaraplaýyn düşünjä, ikitaraplaýyn bähbide, ikitaraplaýyn hormada esaslanýan we ikitaraplaýyn häsýetde iň kyn meseleler boýunça gepleşiklere taýarlykly bolan umumy gatnaşyklar Türkiye bilen bizi birleşdirýär" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý NATO-nuň Çaknyşyga Goşulmagyny Resmileşdirmäge Çalyşýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
'Betbagtçylygyň bosagasynda'. Britan parlamentinde Türkmenistan boýunça hasabata diňlenýär
TURKMENISTAN AND UNOPS: NEW LANDMARKS OF COOPERATION FOR THE ATTAINMENT OF THE SUSTAINABLE DEVELOPMENT GOALS
Daşary ýurt metbugatyna syn
A PLENARY SESSION "THE ROLE OF NEUTRALITY IN STRENGTHENING PEACE AND SECURITY" WAS HELD AT IIR MFA OF TURKMENISTAN