Ukraina sürüjisiz deňiz ulagy bilen Krymda Russiýanyň "Saturn" gämisine hüjüm gurady

Ukraina sürüjisiz deňiz ulagy bilen Krymda Russiýanyň "Saturn" gämisine hüjüm gurady

Operasiýada Russiýa degişli "Saturn" atly gämä üstünlik bilen hüjüm guralandygy bellenen beýanatda: "Operasiýanyň netijesinde basyp alyjylaryň ýene-de bir gämisi ýok edildi" diýip habar berildi.

Ukrainanyň Baş ştabynyň başlygy Oleksandr Syrskiý sosial media hasabyndan beren beýanatynda, ukrainaly serkerdeleriň sürüjisiz ulgamlaryň ulanylmagy babatynda uly harby tejribä eýediklerini habar berdi.

Aldym-berdimli söweşleriň başdan geçirilýän Harkow sebitinde hem sürüjisiz ulgamlardan we olary ulanan toparlardan uly netijeler alýandyklaryny aýdan Syrskiý, ýurduna degişli sürüjisiz deňiz ulaglarynyň rus goşunyny Gara deňiziň Ukraina degişli suw giňişliginden uzaklaşdyrandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Erdogan Zelenskiý bilen metbugat ýygnagyny geçirdi
Tramp Putin we Szinpin bilen ýadro ýaragsyzlanma hakynda gepleşikler geçirmek isleýar
Kumyk Türkçesi
Russiýada 3 Gün Dowam Etjek Saýlaw Tapgyry Başlady