Ukraina: "Sekiz ilatly ýer azat edildi" diýdi

Ukraina: "Sekiz ilatly ýer azat edildi" diýdi

Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Anna Malýar, günorta frontynda eýýäm 2 hepde bäri dowam edýän garşylyklaýyn operasiýalaryň netijesinde azat edilen ilatly ýerleriň sanynyň 8-e ýetendigini mälim etdi.

Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Anna Malýar sosial media hasabyndan beren beýanatynda, soňky 1 hepdede Ukrainanyň goşunynyň hem hüjüm hem-de goranyş operasiýalaryny amala aşyrandygyny habar berdi.

Ruslaryň gündogarda Ukrainanyň harby birikmelerini Bahmut ugrunda öňe gidişligini duruzmak üçin goşmaça harby birikmeler ýerleşdirendigini aýdan Anna Malýar: "Şol ugurda çaknyşyklaryň depgini geçen hepde azaldy, emma çaknyşyklar dowam edýär. Jemi 41 aýry çaknyşyk boldy we birikmelerimiz sebitde öňe gidişlik etmäge dowam edýär" diýip belledi.

Anna Malýar rus goşunynyň geçen hepde Liman, Kupýansk, Awdeýewka we Marinka ugurlarynda hüjümlerini dowam etdirendigini belläp, şol sebitlerde yza çekilmändiklerini beýan etdi.

Günorta frontda soňky 1 hepdede hüjümleriň birnäçe ugur boýunça amala aşyrylandygyna ünsleri çeken Anna Malýar: "Berdýansk we Melitopol ugurlarynda 2 hepde dowam eden garşylyklaýyn operasiýalaryň netijesinde Tawriýa goranyş güýçleri Nowodarowka, Lewadnoýe, Storožewo, Makarowka, Blagodatnoýe, Lobkowo, Neskuçnoýe, Pýatihatki bolmak bilen jemi 8 ilatly ýeri azat etdi.

Birikmelerimiz 7 km öňe gidişlik edildi.Azat edilen territoriýanyň ululygy 113 ind km ýerdir" diýip habar berdi.

Ukrainanyň Baş ştabynyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda hem soňky 24 sagatda ruslaryň Ukrainanyň esgerleriniň liniýalaryna we ilatly ýerlere 59 howa hüjümini gurandygy, tanka garşy raketa ulgamlaryndan 100-den gowrak ot açylandygy mälim edildi.

Aralarynda çagalar hem bolan asuda ilatyň ýogalandygy we ýaralanandygy bellenen beýanatda, möhüm infrastruktura zyýan ýetendigi, 20-den gowrak öýüň we bir mekdebiň ýumrulandygy aýan edildi.

Beýanatda rus goşunynyň soňky 1 günde Harkow, Çernigow, Donetsk, Lugansk, Zaparožýe, Herson sebitleriniň ilatly ýerlerine howadan we gury ýerden hüjümler gurandygy nygtaldy.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleriniň soňky 24 sagatda ruslaryň ýygnanan ýerlerini 10 gezek bombalandygy bellenen beýanatda: "Esgerlerimiz duşmanyň Ka-52 dikuçaryny, 3 sany Şahed uçarmansyz howa ulagyny we 7 sany gözegçilik uçarmansyz howa ulagyny täsirsiz ýagdaýa getirdi" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl-Palestina çaknyşyklary sebäpli daşary ýurtlar öz raýatlaryny ewakuasiýa etmäge dowam edýär
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Hindistanyň Harby-howa güýçleriniň çykyşynda 5 adam ýogaldy
Ukraina: "Rus goşuny tarapyndan uçurylan uçarmansyz howa ulaglary ýok edildi" diýdi
Filippinlerde bolan ýangynda takmynan 2 müň maşgala öýsüz galdy