Ukrainanyň Baş Ştabyndan berilen beýanatda, soňky 24 sagatda Russiýanyň harby birikmeleriniň Sumi sebitindäki 2 aýry ýaşaýyş zolagyna artilleriýa bilen hüjüm gurandygyny we Harkow ugrunda bolsa taňklar we raketalar bilen hüjümler guramaga dowam edýändigini aýan etdi.
Beýanatda Bahmut we Kramatorsk ugurlarynda ikitaraplaýyn häsýetdäki hüjümleriň dowam edýändigini, emma Slawýansk, Awdeýwka, Zaporižýe ugurlarynda käbir ýaşaýyş ýerlerini basyp almaga synanyşan rus harby birikmeleriniň hüjümleriniň şowly bolmanlygy sebäpli yza çekilendigi habar berildi.
"Ukrainskaýa Prawda" saýtynyň ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralaryna esaslanyp beren habarynda, düýn gije Russiýanyň harby birikmeleriniň Lugansk sebitindäki 5 aýry uly hüjümleriniň yzyna serpikdirilendigi we 6 aýry ugurda söweşleriň dowam edýändigi mälim edildi.
Donetsk sebitinde guralan hüjümleriň netijesinde bolsa asuda ilatdan 2 adamyň ýogalandygyny we 19 öýe, 1 mekdebe we 1 degirmene zeper ýetendigi beýan edildi.
Mundan başgada Nikolaýew ugrunda öňe gidişlik eden rus harby birikmeleriniň Blagodat sebitinde bölekleýin üstünlik gazanandygy bellendi.
Ukrainanyň Baş Ştaby tarapyndan berilen başga bir beýanata görä bolsa soňky 24 sagatda söweşde 200-den gowrak rus eger ýogaldy.
Şeýlelik bilen söweşiň başyndan bäri ýogalan rus esgerleriň sany 45 müň 400-e ýetdi.
Şonuň bilen birlikde Russiýa degişli 234 uçaryň, 198 dikuçaryň, 1917 taňkyň, 4 müň 230 sowutly ulagyň, 266 raketa ulgamynyň, 145 howa goranyş ulgamynyň we 815 uçarmansyz howa ulagynyň hatardan çykarylandygy aýan edildi.
Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda Ukrainada 1351 rus esgeriň ýogalandygy öňe sürülipdi.
Beýleki tarapdan Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, düýn gije beren wideo ýüzlenmesinde, Mariupolda Russiýa tarapyndan zamun alynan ukrainaly esgerler üçin demonstrasion kazyýet diňlenşiginiň geçirilen halatynda Russiýa bilen hiç hili gepleşikleriň mümkin bolmajakdygyny beýan etdi.
Zelenskiý: "Eger şol adalatsyz kazyýet diňlenşigi geçirilse, raýatlarymyz ähli halkara ylalaşyklaryň düzgünleri bozulyp şol sahnalara çykarylsa, onda gepleşikleriň mümkin bolmajak çürt-kesik bir nokat bolar" diýip habar berdi.