Ukraina Russiýa dronlar bilen hüjüm gurady

Ukraina Russiýa dronlar bilen hüjüm gurady

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Ukrainanyň rus territoriýasyndaky 9 aýry sebite dronlar bilen hüjümler gurandygy habar berildi.

Rus howa goranyş ulgamlary tarapyndan 144 dronyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi bellenen beýanatda, şolaryň 20-siniň Moskwa sebitinde ýere gaçyrylandygy, ýere gaçan dron sebäpli binalaryň biriniň ýanandygy we wakada 1 adamyň ýogalandygy mälim edildi.

Russiýanyň Federal Awiasia agentliginden berilen beýanatda, raýat uçarlarynyň howpsuzlygy sebäpli Moskwadaky howa menzillerinde uçar saparlarynyň wagtlaýyn häsýetde çäklendirilendigi aýan edildi.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleri hem Russiýa tarapyndan gelen 38 drony ýere gaçyrandyklaryny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina: "Rus goşuny tarapyndan uçurylan uçarmansyz howa ulaglary ýok edildi" diýdi
Erdogan Ýokary Harby Şurada kabul edilen kararlary tassyklady
Nigeriýada ýaragly toparlara garşy operasiýa geçirildi
Saud Arabystanynda harby uçar ýere gaçdy
Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky uruş dowam edýär
Ukraina: "Sekiz ilatly ýer azat edildi" diýdi