Ukrainanyň Baş ştabyndan berilen ýazmaça beýanatda, gije Ukrainanyň Ýaragly güýçlerine degişli birikmeleriň Russiýanyň Bryansk sebitindäki Karaçew şäherçesiniň golaýynda bir logistika merkeziniň ýarag we ok-däri ammaryna hüjüm gurandygy beýan edildi.
Nyşana alynan sebitde 12 partlamanyň bolandygy bellenen beýanatda: "Russiýanyň Ukraina garşy agressiýasyny duruzmak maksady bilen rus goşunynyň ýarag we ok-däri ammarlary ýok edilmäge dowam ediler" diýip aýan edildi.
Ukrainanyň metbugatynyň Ýaragly güýçlerinden alnan habar çeşmelerine esaslanyp berilen habarda, ady agzalan hüjümde Ukrainanyň ABŞ önümi bolan uzak aralykly ATACMS raketalaryny Russiýanyň topragynda ilkinji gezek ulanandygy öňe sürüldi.