Ukraina Russiýa Bilen Söweşde Iň Agyr Gyşyny Başdan Geçirip Biler

Ukraina Russiýa Bilen Söweşde Iň Agyr Gyşyny Başdan Geçirip Biler

Mark Rutte NATO-nuň Ştab kwartirasynda Finlýandiýanyň Prezidenti Aleksander Stubb bilen geçirilen duşuşygyndan soň bilelikdäki metbugat ýygnagynda beýanat berdi.

Stubb bilen Alýansyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolan Ukrainadaky uruşda soňky ýagdaý hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Rutte, Finlýandiýanyň Ukraina 2 milliard ýewrodan gowrak kömek bermegine kanagatlanma bildirdi.

Rutte geçen hepde Kiýewe guran saparynda, adybir ýurda berilýän harby kömekleriň artdyrylmagy hakynda ýüzlenme berilendigini ýatladyp; “Russiýa Ukraihanyň esasy energetika infrastrukturasyna hüjümlerini dowam etdirýär. Ukraina hüjümleriň başlamagyndan bäri in agyr gyşyny başdan geçirip biler” diýdi.

Rutte, Ukrainanyň NATO agzalygy hakyndaky soraga bolsa; “Häzirki şertlerde ýalňyş düşüniljek beýanat bermek islemeýärin, emma yza gaýdylmasyz ýol” diýip, jogap berdi.

Mark Rutte 12-nji oktýabrda ABŞ-nyň öňbaşçylygynda Germaniýadaky Ramştaýn bazasynda geçiriljek sammitde Ukraina beriljek harby kömegiň giňişleýin ara alynyp maslahatlaşyljakdygyny hem beýan etdi.

Finlýandiýanyň Prezidenti Stubb bolsa; “Rusiýa NATO bilen Finlýandiýa üçin Ýewropanyň ähli ýerinde, hat-da ondan hem aňyrda gönüden we esasy howp bolmagynda galýar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Günortada Türkiýesiz Ýewropanyň Howpsuzlygyny Üpjün Etmek Mümkin Däl
NATO-nyň Täze Baş Sekretary Rutte Ilkinji Resmi Saparyny Ukraina Gurady
NATO-nyň Ýadro Türgenleşigi Başlaýar
NATO Ankarada Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny