“Ukraina Russiýa Bilen Gepleşik Geçirmäge Taýar”

“Ukraina Russiýa Bilen Gepleşik Geçirmäge Taýar”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýa bilen söweşiň bes edilmegi üçin gepleşik geçirmäge taýardyklaryny mälim etdi.

Iňlis metbugatyna beýannama beren Zelenskiý, gepleşiklere ABŞ bilen Ýewropa ýurtlarynyň hem gatnaşmagyny isledi.

Russiýa edilýän basyşyň dowam etdirilmelidigini aýdan Zelenskiý, basyşyň gowşamagynyň ikinji basyp alyşlyk howpyny artdyrjakdygyny ýatlatdy.

Zelenskiý Ukraina söweşinde çekilen adam pidalary hakynda hem maglumat berdi.

Söweş sebäpli Ukraianda 45 müň 100 adamyň ýogalandygyny aýdan Zelenskiý, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 390 müň adama ýetendigini belledi.

Ukrainanyň lideri “Söweşde Russiýadan 350 müň adam ýogaldy, 600 müň bilen 700 müň adam hem ýaralandy”diýdi.

Ýene degişli makalalar

“Modi, Russiýa-Ukraina Söweşiniň Bes Edilmeginde Esasy Rol Oýnap Biler"
Ukrainanyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar
Ukrainanyň Prezidenti Ankara geldi
“Putin Bilen Duşuşmaga Taýar”
Makron Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Russiýa Bilen Ukraina Ýesirlerini Çalyşdy