Ukraina: "Rus goşuny tarapyndan uçurylan uçarmansyz howa ulaglary ýok edildi" diýdi

Ukraina: "Rus goşuny tarapyndan uçurylan uçarmansyz howa ulaglary ýok edildi" diýdi

Ukrainanyň Harby-howa güýçleriniň Telegram kanalyndan berilen ýazmaça beýanatda, Russiýanyň düýn gije we şu gün irden howa hüjümlerini gurandygy habar berildi.

Rus goşunynyň Ukrainanyň tapawutly sebitlerine "Şahed" kysymly 78 sany uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygy, Ukrainanyň Harby-howa güýçleri tarapyndan 60 uçarmansyz howa ulagynyň ýok edilendigi aýan edildi.

Uçarmansyz howa ulagynyň 2-siniň Russiýa yzyna gidendigi, 1-iniň Belarussiýa tarap uçmaga dowam edýändigi, 15-siniň bolsa Ukrainanyň territoriýasynda ýitendigi bellenen beýanatda: "Zeper ýa-da adam pidalary barada maglumat berilmedi" diýip nygtaldy.

Beýanatda ruslaryň hüjümde mundan başgada "Iskender-M" kysymly ballistik raketa ulanandygy aýan edildi.

Kiýew şäheriniň Harby edarasynyň başlygy Sergeý Popko, edaranyň Telegram hasabyndan beren beýanatynda, düýn gije paýtagt Kiýewe uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler guralandygyny habar berdi.

Sergeý Popko hüjümler sebäpli sirenalaryň 9 sagadyň dowamynda ýaňlanandygyny belläp: "Häzirki wagtda Kiýewde hiç hili adam pidasy ýa-da zeper ýok. Häzirki wagtda paýtagta garşy hiç hili howa howpy ýok" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukrainanyň Odessa sebitine hüjüm gurady
Ukraina Russiýa dronlar bilen hüjüm gurady
Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa "Bozdogan-41" operasiýasy barada maglumat berdi
Nigeriýada ýaragly toparlara garşy operasiýa geçirildi
Saud Arabystanynda harby uçar ýere gaçdy
Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky uruş dowam edýär