Ukraina rus basyp alyşlygyndan azat edilen sebitler barada beýannama berdi

Ukraina rus basyp alyşlygyndan azat edilen sebitler barada beýannama berdi

Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Anna Malýar sosial media hasabyndan beren beýanatynda, gündogar we günorta frontlarynda soňky bir hepdede başdan geçirilen hadysalar barada beýannama berdi.

Gündogarda Ukrainanyň goşunynyň hem çozuş hem-de goranyş aksiýalaryny dowam etdirýändigini aýdan Anna Malýar: "Bahmut ugrunda öňe gidişlik edýäris. Duşman Liman, Awdeýewka we Marinka ugurlarynda hüjüm etmäge dowam edýär" diýip habar berdi.

Anna Malýar ruslaryň şol ugurlarda Ukrainanyň birikmelerini liniýalaryndan çykarmaga synanyşýandygyny, emma olara garşylyk görkezilýändigini aýan etdi.

Şol ugurlardaky aldym-berdimli söweşleriň dowam edýändigine ünsleri çeken Anna Malýar: "Soňky bir hepdede operatiw ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy we front liniýasynyň düzgünleşdirilmegi netijesinde azat edilen meýdan 9 ind kilometre ýetdi" diýip belledi.

Gündogarda soňky 1 hepdede rus güýçleriniň hüjümlerini 2 esse artdyrandygyny aýdan Anna Malýar, öňki hepde 6 müň 457 hüjümiň guralandygyny, geçen hepde bolsa şol sany 11 müň 753-e ýetendigini beýan etdi.

Anna Malýar günortada Ukrainanyň goranmak güýçleriniň Melitopol we Berdýansk ugurlaryndaky çozuş operasiýalaryny dowam etdirýändigini belläp, soňky 1 hepdede günorta frontda azat edilen meýdanyň ululygy 28,4 ind kilometr artandygyny mälim etdi.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy barada buýruk beripdi, şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina söweşi başlapdy.

Ýene degişli makalalar

“Duşmany Ýok Etmäge Dowam Edýäris”
Ukraina: "Sekiz ilatly ýer azat edildi" diýdi
Ukraina: "Urožaýnoýe obasy azat edildi" diýdi
Iň gowy restoranlarynyň sanawyny düzüldi
Ukraina günorta frontynda söweşjeň liniýalaryny berkidýär
Limada Dünýäde iň ýönekeý muzeý açyldy