Ukraina: "Robotine obasy azat edildi" diýdi

Ukraina: "Robotine obasy azat edildi" diýdi

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Harby metbugat merkeziniň sosial media hasabyndan Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Anna Malýaryň front liniýasyndaky ýagdaý bilen bagly beren beýanaty paýlaşyldy.

Anna Malýar Ukrainanyň goşunynyň günorta frontda üstünlik gazanandygyny belläp: "Robotine azat edildi we birikmelerimiz ýaşaýyş zolagynyň günorta-gündogaryna tarap barýar" diýip mälim etdi.

Ukrainanyň goşunynyň gündogar frontdaky Bahmut ugrunda hem öňe gidişlik etmäge dowam edýändigini aýdan Anna Malýar: "Geçen hepde ol ýerde 1 ind km ýer azat edildi" diýip aýan etdi.

Anna Malýar Bahmut ugrunda şu günki güne çenli 44 ind km ýeriň azat edilendigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Tennis oýnaýan robot
Şweýsar alymlary iýdiji robot döretdiler
Ilkinji adamsypat uçarman robot
Robot işgärleriň sany artýar
Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky uruş dowam edýär
Hytaýda Bütindünýä Robot konferensiýasy geçirilýär