Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Donbasdaky krizisiň diplomatiýa arkaly çözülmegini isleýändiklerini aýtdy.
Dmitro Kuleba bilen Germaniýanyň Daşary işler ministri Annelena Berbok, paýtagt Kiýewde bolan duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.
Ukrainanyň gündogaryndaky Donbas meselesi hakynda durup geçen Kuleba, Normandiýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň wekilleriniň 26-njy ýanwarda Fransiýanyň paýtagty Parižde duşuşandygyny ýatlatdy.
Şuňa meňzeş maslahatyň Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigine ünsi çeken Kuleba “Parižde geçirlen maslahat diýseň jedelleşikli geçdi. Berlinde geçiriljek maslahatyň taýarlyklary dowam edýär we maslahatdan soň syýasy kömekçiler derejesindäki gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň üstünde işleýäris. Russiýa diplomatik etapda ýer almaga dowam eder. Bu diýseň möhüm” diýdi.
Donbas krizisiniň diplomatiýa arkaly çözülmegini isleýändiklerini nygtan Kuleba “Biz bar bolan kynçylyklaryň diplomatiýa arkaly çözülmegi üçin tagalla edýäris. Ne Germaniýa ne-de Ukraina meseläniň güýç bilen çözülmegini islemeýär. Başdan geçirilýän ähli krizisiň diplomatiýa arkaly çözülmegi üçin birlikde tagalla edýäris” diýdi.
Germaniýanyň Daşary işler ministri Annelena Berbok hem hyzmatdaşlary bilen Russiýa garşy sanksiýa bukjasyny taýarlandyklaryny nygtap “Germaniýa jerimesini tölemäge taýar. Esasy mesele Ukrainanyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi” diýdi.