Ukraina günorta frontynda söweşjeň liniýalaryny berkidýär

Ukraina günorta frontynda söweşjeň liniýalaryny berkidýär

Ukrainanyň Baş Ştabynyň metbugat sekretary Andreý Kowalýow Goranmak ministrligine degişli Harby metbugat merkeziniň sosial media hasabyndan beren ýazmaça beýanatynda, Ukrainanyň goşunynyň Melitopol we Berdýansk ugurlarynda çozuş operasiýalaryny dowam etdirýändigini mälim etdi.

Ukrainanyň harby birikmeleriniň Nowodanilowka-Robotino, Malaýa Tokmaskaýa-Werbowoýe, Wilnoýe Pole-Makarowka ugurlarynda bölekleýin üstünlikler gazanandygyny aýdan Kowalýow: "Esgerlerimiz gözegçilik astyna alan söweşjeň liniýalaryny berkidýär" diýip aýan etdi.

Kowalýow ruslaryň bolsa esasy tagallalarynyň bolsa goranmaga, Ukrainanyň goşunynyň öňe gidişligine böwet bolmaga, goşmaça harby birikmeleri ulanmaga we elinden aldyran liniýalaryny yzyna almaga gönükdirilendigini beýan etdi.

Ukrainanyň harby güýçleriniň gündogarda ruslaryň öňe gidişligini duruzmaga dowam edýändigini aýdan Kowalýow, esasan hem Liman ugrundaky Ýampoliwka we Serebrýanskoýe tokaý zolagynda aldym-berdimli söweşleriň dowam edýändigini belledi.

Kowalýow Belogorowka-Sipilowka ugurlarynda Ukrainanyň birikmeleriniň çozuş operasiýalaryny amala aşyrýandygyny we bölekleýin üstünlikler gazanandygyny nygtady.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, şu gün Ukrainanyň Moskwa sebitindäki desgalara 3 aýry uçarmansyz howa ulagy bilen guramak islän hüjümleriniň öňüniň alynandygyny beýan etdi.

Uçarmansyz howa ulaglarynyň elektron enjamlar bilen hatardan çykarylandygy we ýere gaçyrylandygy bellenen beýanatda, hüjümlerde hiç bir ýere zeper ýetmändigi we adam pidalarynyň çekilmändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär
Russiýanyň Goranmak Ministri Şoýgu Wezipesinden Boşadyldy
Russiýanyň Döwlet Dumasy teklip edilen wise-premýerleri makullady
Russiýa: "Soňky bir hepdede iki şäherçäni basyp aldyk" diýdi
ABŞ-nyň Goranmak Ministri Russiýanyň Goranmak Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler