Stoltenberg Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen paýtagt Kiýewde geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda harby kömekleriň gijä galmagynyň uruş meýdanynda “agyr netijeleri ýüze çykarýandygyna” ünsi çekdi.
Baş sekretar; “ABŞ birnäçe aýyň dowamynda beriljek kömek boýunça ylalaşyk gazanyp bilmedi. Ýewropaly ýaranlar hem söz beren möçberinde ok-däri berip bilmedi” diýdi.
Giç gelen her bir harby kömegiň Russiýanyň front liniýasynda öňe gitmegini aňladýandygyny aýdan Stoltenberg; “Emma Ukrainanyň ýeňmegi üçin henizem giç däl. Uly kömek ýolda” diýdi.
Ýens Stoltenberg ýaraglaryň wagtynda ýetirilmeginiň möhümdigini nygtap; “Üpjünçilik gijä galanda, onuň agyr netijeleriniň bolýandygyny ýatdan çykarmalyň” diýdi.
Ýaran ýurtlaryň Ukraina harby kömegi artdyrmagy kabul edendigini aýdan Ýens Stoltenberg, ABŞ-nyň 60 milliard dollardan gowrak kömek bukjasynyň ýany bilen Britaniýanyň, Germaniýanyň we Gollandiýanyň täze kepilliklerine kanagatlanma bildirýändigini we beýleki ýaran ýurtlardan hem “golaýda täze beýanatlaryň berilmegine garaşýandygyny” sözleriniň üstüne goşdy.
Stoltenberg; “Ukrainanyň NATO agza bolmalydygyny” beýan edip, “Häzirki wagtda alyp barýan işlerimiz sizi NATO agzalyga tarap yza gaýdylmasyz ýola düşürýär, şeýlelikde wagty gelende Ukraina dessine NATO agza bolup biler” diýdi.