Gollandiýanyň döwlet ýaýlym organy NOS-daky gepleşikleriň birine onlaýn görnüşde gatnaşan Ukrainanyň Baş Prokurory Irina Wenediktowa, ruslaryň ukrainalylary ýok etmegi maksat edinendiklerini we rus esgerleriň asuda ilata garşy bombaly hüjümler guramak we öldürmek baradaky buýruklary öz serkerdelerinden alandyklaryny mälim etdi.
Asuda ilata garşy guralan hüjümlerde ruslaryň Ukrainany gorkuzmak we tabyn etmek isleýändiklerini aýdan Wenediktowa: "Söweşiň bes edilmegi we harby jenaýatlary edenleriň jezalandyrylmagy üçin halkara jemgyýetiň goldawyna garaşýarys" diýip nygtady.
Irina Wenediktowa, Ukrainaly esgerler tarapyndan edilendigi öňe sürülen harby jenaýatlar bilen birlikde ähli harby jenaýatlaryň edilen ýerlerini görmäge çalyşýandyklaryny beýan etdi.
Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.