Ukraina Bilen Russiýa Ýesirlerini Çalyşmaga Dowam Edýär

Ukraina Bilen Russiýa Ýesirlerini Çalyşmaga Dowam Edýär

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýa bilen gazanylan ýesir çalşygy ylalaşygynyň çäginde ukrainaly 49 esger bilen asuda ilatyň boşadylandygyny aýtdy.

Zelenskiý Telegramdan beren ýazmaça beýannamasynda, Russiýa bilen Ukrainanyň ýesirlerini çalşandygyny mälim etdi.

Ýesir çalşygynyň çäginde esger we asuda ilat bilen birlikde jemi 49 adamyň ýurduna dolanandygyny aýdan Zelenskiý, “Ýesirleriň we zamun alynanlaryň boşadylmagynda uly rol oýnan toparymyza sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

Zelenskiý ukrainaly ähli ýesirleriň öýlerine dolanmalydygyny belledi.

Russiýa tarapyndan ýesir çalşygy barada heniz hiç hili beýannama berilmedi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Bilen Ukraina Ýesirlerini Çalyşmaga Dowam Edýär
Russiýa Bilen Ukraina Ýesirlerini Çalyşdy
“Demirgazyk Koreýaly 2 Esgeri Ýesir Aldyk”
ABŞ-nyň, Kataryň we Müsüriň Daşary Işler Ministri Ýesir Çalşygy Hakynda Pikir Alyşdy
Moskwa Kurskda Ýesir Alynan Esgerleriň Çalşygy Üçin Kiýewe Talap Bildirdi
Hamas Ýesir Çalşygyny Yza Süýşürdi