Şmygal Waşingtondaky resmi saparynyň çäginde ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Astin bilen duşuşdy.
Astin Ukrainanyň Premýer-ministri Şmygaly Pentagonda resmi dabara bilen garşylady we ministrler duşuşykdan ozal metbugata beýannama berdiler.
Ministr Astin Ukrainanyň batyrgaýlygynyň we göreşiniň amerikalylary haýran galdyrandygyny, Russiýa-Ukraina söweşi näçe wagt dowam edende-de ABŞ-nyň Ukrainany goldamaga dowam etjekdigini aýtdy.
Ukrainanyň Kiýew, Harkow we Herson şäherlerinde gazanan ýeňişlerine ünsi çeken Astin; “Prezident Baýdeniň liderlik etmeginde ABŞ her bir ädimde Ukrainanyň azatlyk göreşini goldady” diýdi.
Premýer-ministr Şmygal bolsa harby goldawyň hasam artmalydygyny, az ýitgi bilen gysga möhletde ýeňiş gazanmak üçin howa goranyş ulgamynyň hasam güýçlendirilmelidigini beýan etdi.
“Abrams” kysymly tanklaryň ýany bilen “Bradleý” we “Striker” harby ulaglaryny Ukraina berjekdiklerini aýdan Astine sagbolsun aýdan Şmygal; “Döwrebap söweşde howa güýçleriniň kuwwaty möhüm. Şol sebäpli Ukraina täze harby uçar ýaranlygyny döretmek isleýär. ABŞ-ny bolsa onuň esasy gatnaşyjysy bolmaga çagyrýarys. ABŞ Ukraina F15 we F-16 uçarlaryny berip, liderligini ýene-de bir gezek görkezip biler” diýdi.