Uimbldon: zenanlaryň arasyndaky ýekelikdäki finalçylar belli boldy

Uimbldon: zenanlaryň arasyndaky ýekelikdäki finalçylar belli boldy

Şu günler Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde tennis boýunça ýylyň üçünji uly tuwulgasy bolan Uimbldon gyzgalaňly dowam edýär. 13-nji iýulda zenanlaryň arasyndaky ýekelikdäki ýarym final oýunlary geçirildi. Ýarym final oýunlarynyň netijelerine görä, Arina Sobolenkony 6:7, 6:4, 6:3 hasabynda ýeňen Uns Jabir hem-de Elina Switolinadan 6:3, 6:3 hasabynda üstün çykan Marketa Wondrouşowa final ýollanmasyna eýe çykdy.

Gyzykly tarapy, finalda bu tennisçileriň haýsysy ýeňse-de, bu onuň üçin Uimbldondaky ilkinji çempionlyk bolar.

Ýeri gelende bellesek, tunisli Uns Jabir geçen ýyl hem Uimbldonyň finalynda baş baýrak üçin korta çykypdy. Emma geçen ýylky finalda ol gazagystanly Ýelena Rybakinadan ýeňlişe sezewar boldy. Bu ýyl bolsa Jabiriň özi çärýek finalda Uimbldonyň Merkezi Aziýadan bilan ilkinji çempiony Ýelena Rybakinany ýaryş bilen hoşlaşmaga mejbur etdi.

Ýene degişli makalalar

WTA ýyly jemledi: Swýontek bassyr ikinji gezek Ýylyň tennisçisi boldy
Rolan Garros — 2023: zenanlaryň arasynda ilkinji onlugyň üçünji wekili ýaryşdan çykdy
2021-nji ýylda WTA-nyň Jemleýji çempionaty Meksikada geçiriler
Sport ― bir demde 10 habar (21-nji maý)
Dünýäniň 42-nji raketkasy Uimbldonyň çempiony boldy
“Wimbledonyň” taryhynda ilkinji gezek