Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky köpden bäri garaşylýan tomusky dynç alyşdan aýyrýan 500 kilometrden gowrak aralygy geçmegiň birnäçe ýoly bar:
Iň meşhury we iň çalty uçar bilen! Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat Türkmenbaşy ugry boýunça gündelik irdenki uçuşlary amala aşyrýar. Mundan başga-da, Türkmenbaşy Halkara howa menzili bilen agşamky uçuşlar hem baglanyşdyrýar: hepdede dört gezek 18:00-da we üç gezek 21:10-da.
Türkmenistanyň içindäki içerki uçuşlaryň tertibini şu salgyda tanşyp bilersiňiz!
Howlukmaýanlar we tebigatyň gözelliklerinden lezzet almak isleýänler üçin otluda syýahat etmek amatly bolar. Aşgabat Türkmenbaşy otlusy Türkmenbaşy şaýolunyň 7-nji jaýynda ýerleşýän Aşgabat demir ýol menzilinden her gün ugraýar. Syýahatyň dowamlylygy 14 sagat 25 minut.
Şeýle-de türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary täze Aşgabat Awaza awtobus gatnawyndan peýdalanyp bilerler. Gündelik şäherara awtobus gatnawy 11-nji iýunda işe giriziler. Awtobus sagat 06:00-da A.Nyýazow şaýolunyň 422-nji jaýynda ýerleşýän Halkara awtomenzilden ugrar.
Eger-de henizem Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ýaşajak ýeriňizi kesgitlemedik bolsaňyz, onda otag bronlamagy maslahat berýäris.