ABŞ-nyň San-Fransisko şäherinde Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlygyna (APEC) agza ýurtlaryň uglerodsyzlaşdyrmaga degişli täzelikçi syýasaty we tehnologiýalary özleşdirmegini çaltlandyrmak maksady bilen forum geçirildi.Foruma APEC ýurtlaryndan alymlar, wekiliýetleri agzalary we arassa energiýa pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryň ýolbaşçylar gatnaşyp, uglerodsyzlanma strategiýalaryny we arassa energiýa geçişiň nähili bolup biljekdigi barada pikir alyşdylar.
Kaliforniýa ştaty bu ugurda öňdebaryjy ýerleriň biri bolup, bu ugurda täzelikçi tehnologiýalary ornaşdyrmakda öňdebaryjy hasaplanýar.
San-Fransiskoda 11-17-nji noýabrda “Hemme üçin çydamly we durnukly geljegi döretmek” şygary bilen “2023 APEC Liderler” hepdeligi geçirilýär.