Ugandanyň Prezidenti öz ýurdunyň dünýäde ilkinji ykdysadyýet bolup biljekdigini aýtdy

Ugandanyň Prezidenti öz ýurdunyň dünýäde ilkinji ykdysadyýet bolup biljekdigini aýtdy

Uganda çig mal gorlarynyň akylly-başly ulanylan halatynda dünýäde ilkinji ösen ykdysadyýetli döwlet bolup biler. Bu barada Gündogar Afrika respublikasynyň Prezidenti Ýoweri Kaguta Museweni New Vision gazetine beren interwýusynda aýtdy diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Biziň ykdysadyýetimiz dünýäde ilkinji orna çykyp biler. Häzir ol ortaça girdejili derejä çykýar, emma ol has tiz ösüp biler diýip, Ugandanyň döwlet Baştutany nygtady.

Museweni şeýle-de Ugandanyň kofe satuwyndan girdejilerini 900 million dollardan 10 milliard dollara çenli artdyryp biljekdigini habar berdi. Onuň pikiriçe, Afrika yklymynda polat önümçiligi senagatynyň ösüşi üçin maýa goýumçylar uly gyzyklanma bildirýärler. Bu bolsa, geljekde sebit üçin bu önümi Hytaýdan, Ukrainadan we Russiýadan satyn almak zerurlygyny aradan aýrar.

Ugandanyň Prezidentiniň sözlerine görä, ykdysadyýetiň geljegi uly pudaklary oba hojalygy, peýdaly magdanlaryň (demir, polat, mis, fosfatlar, kobalt, altyn, nikel, litiý we niobiý) gazyp alynmagy hem-de agaç materiallarynyň önümçiligi bolup durýar.

Ýanwarda Ugandanyň taryhda ilkinji gezek nebit çykarmak boýunça buraw enjamyny ulanyşa girizendigi habar berlipdi.

Ýene degişli makalalar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Uganda sapar gurar
Prezident Erdogan Ugandanyň Prezidenti Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Burkina-Faso, Siriýa we Uganda Türkmenistanyň Bitaraplygyň dostlary toparyna agza boldy
Kongo Demokratik Respublikasynda başbozarlaryň guran hüjüminde 14 adam ýogaldy
Dünýä ýurtlary Türkiyä ynsanperwer kömek ugratmaga dowam edýär
Ýer Titremesinden Soň Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär