Ugandada Ebola epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Ugandada Ebola epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Ugandanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Emmanuel Ainebýoona, Ebola epidemiýasy sebäpli şu günki güne çenli 23 adamyň ýogalandygyny, ýoluganlaryň sanynyň bolsa 36 adama ýetendigini habar berdi.

Ýurtda 19-njy sentýabrda 24 ýaşyndaky bir adamdan seýrek gabat gelinýän we epidemiýanyň Sudan görnüşidigi kesgitlenen Ebola wirusy anyklanypdy.

Wirusyň ýaýrama merkeziniň Kongo Demokratik Respublikasyndan Kampalaýa giden ýoluň ugrunda ýerleşýän Mubende sebitidigi beýan edildi.

Ugandada 2000-nji ýyllaryň başynda ýüzlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan wirus, soňky gezek bolsa 2012-nji ýylda 17 adamyň ýogalmagyna sebäp bolupdy.

Gemorragiki gyzdyrma sebäp bolýan Ebola ilkinji gezek 1976-njy ýylda Sudanyň Nzara we Kongo Demokratik Respublikasynyň Ýambuku şäherlerinde şol bir wagtyň özünde epidemiýa görnüşinde ýüze çykdypdy. Kongo Demokratik Respublikasyndaky epidemiýa Ebola derýasynyň golaýyndaky obalaryň birinde başlandygy üçin epidemiýa şol derýanyň ady berilipdi.

Ebola epidemiýasy 2013-nji ýylyň dekabr aýynda Günbatar Afrikada ýaýrapdy. Gwineýa, Liberiýa we Sýerra-Leone döwletlerinde 2014-2017-nji ýyllar aralygynda hasaba alynan epidemiýada 30 müň adama wirus ýokupdy we şolaryň 11 müňi ýogalypdy.

Ýene degişli makalalar

KDR-daky hüjümiň jogapkärçiligini DAIŞ öz üstüne aldy
Putin 28-nji iýulda Afrika liderleri bilen duşuşar
KDR-da 548 gozgalaňçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
KDR-da gozgalaňçy toparyň guran hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 50 adam ýogaldy
Kongo Demokratik Respublikasynda başbozarlaryň guran hüjüminde 14 adam ýogaldy
Kongo Demokratik Respublikasynda 25 esgere ölüm jezasy berildi