Ugandada 70 ýaşly zenan ekiz çaga dogurdy

Ugandada 70 ýaşly zenan ekiz çaga dogurdy

Ugandanyň 70 ýaşly ýaşaýjysy EKO (ekstrakorporal hamylalyk) usuly arkaly ekiz çagany dünýä inderdi. Ol Afrikada şeýle ýol bilen ene bolan iň uly ýaşly zenandyr diýip, BBC teleýaýlymyna salgylanýan Kazinform habar berdi.

Safina Namukwaýa ekiz çaga oglan we gyz bäbek dogurdy diýip, Ugandanyň paýtagty Kampaledäki Halkara aýallar hassahanasy habar berdi.

Safina Namukwaýa NTV teleýaýlymyna çagalary ösdürip ýetişdirmegiň kyn düşjekdigini, emma özüni bagtly duýýandygyny gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Ugandada Ýetimler Öýüni Açdy
Ugandada Ebola epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Ugandada mekdebiň ýanmagy netijesinde 11 adam ýogaldy
Ýekelikde welosipedli syýahat edýän iňlis jahankeşdesi Türkmenistanyň çäginden geçer
Ugandada 900-dan gowrak adam el çarpmak rekordyny täzeledi
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Uganda sapar gurar