Uganda öz taryhynda ilkinji gezek nebit gazyp almaga başlady. Ýurduň günbataryndaky Kingfisher atly täze ýataga Hytaýyň nebit korporasiýasy tarapyndan gözegçilik edilýär diýip, Habar 24 ýazýar.
Täze ýatagyň gorlarynyň işlenilmegi Ugandanyň ykdysadyýetiniň ösüşinde möhüm tapgyr bolar diýip, bilermenler aýdýarlar. Nebiti şeýle-de Albert kölünden demirgazykdaky Tilenge etrabynda hem gazyp almagy maksat edinýärler.
Ýeri gelende aýtsak, bu ýurt gara altyny öň daşary ýurtlardan satyn alýardy. Häzirki wagtda Ugandadaky nebitiň gorlary 6,5 milliard barrel bahalanýar.