Üzümiň öýken düwnügine garşy göreşde peýdalydygy anyklanyldy

Üzümiň öýken düwnügine garşy göreşde peýdalydygy anyklanyldy

Ýaponiýanyň Okaýama uniwersitetiniň alymlary täze barlag geçirdiler, netijede olar Kuanýe üzüminiň düzüminde bedeniň öýken düwnügine garşy göreşinde peýdaly käbir biologik işjeň birleşmeleriň bardygyny anykladylar. Bu barada msn.com habar berdi.

Has takygy, bu ýerde gürrüň 2.6-dimetoksi-1,4-benzohinon birleşmeleri hakda barýar. Hut şu birleşmeler, keseliň bu görnüşine garşy göreş wagtynda gorag aýratynlyklaryny ýüze çykarýarlar. "Food and Chemical Toxicology" neşiriniň ýazmagyna görä, degişli çaklama öýken düwnügi bolan gemrijilerde synag edildi.

Netijede, hünärmenler üzümiň düzümindäki maddalaryň öýjüklere düşende DNK metilizasiýasynyň derejesiniň üýtgemegine sebäp bolýandygyny anykladylar. Bu bolsa, öz gezeginde, düwnük keseline garşy göreşde diýseň möhüm bir pursat bolup durýar diýip, çeşme belleýär.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal alymlaryň ýene bir topary üzümdäki birleşmeleriň kolorektal düwnük keseline garşy göreşip biljekdigini anyklapdylar.

Ýene degişli makalalar

Iň şöhleli smartfonlaryň sanawy neşir edildi
Fransiýa Ukraina harby topar ugratdy
Dünýäde iň uly ýeralma kädi bolup çykdy
2009-njy ýylda ABŞ-da talaňçylykda we adam öldürmekde aýyplanan Türkmenistanyň raýaty 19 ýyl möhlete türme tussaglygyna höküm edildi
Adamyň DNK-synda dinozawrlar döwrüniň wirusy tapyldy
Aziz Sanjar Rak Keseli Boýunça Ylmy Barlaglaryny Türkiýede Dowam Etdirer