Üzüm kafesi we Dynamika fitnes kluby bir gezeklik 10% arzanladyş petegini hödürleýär

Üzüm kafesi we Dynamika fitnes kluby bir gezeklik 10% arzanladyş petegini hödürleýär

Aşgabatdaky Üzüm kafesi we Dynamika fitnes kluby müşderilere 10% arzanladyş hödürlemek bilen bagly bilelikdäki aksiýany yglan edýärler.

Üzüm kafesine barýan müşderilere onuň islegine görä Dynamika fitnes klubunda türgenleşmek üçin bir gezeklik 10% arzanladyş petegi berilýär. Edil şonuň ýaly-da, Dynamika fitnes klubunda türgenleşmek bilen, Üzüm kafesine 10% arzanladyş almak bolýar.

Kafede naharlanmak ýa-da fitnes klubda türgenleşmek üçin berilýän petegi diňe bir gezeklik peýdalanyp bolýandyr. Sebäbi bu ýerlerde petek bilen gelen müşderileriň ähli maglumatlary saklanyp goýulýar.

Üzüm kafesi Aşgabat şäherinde özboluşly taýýarlanylýan, tagamly hem-de beýleki kafeleriň tagamlaryndan üýtgeşik bolan menýusy we datly naharlary bilen bellidir. Bu ýerde tagamly çörek önümleri we onlarça dürli görnüşli kofe we kofe içgileri müşderilere ýetirilýär.

Kafeniň ýerleşýän salgysy: Ç.Baýryýew köçesi (ozalky Mežlauk), 13-nji jaý (Ak altyn myhmanhanasynyň ýanynda ýerleşen ozalky mebel dükanynyň ýerinde). Telefon belgileri: (+993 12) 36 05 00, (+993 65) 71 87 20.

Aşgabatdaky Dynamika fitnes kluby erkekler hem-de zenanlar üçin sport türgenleşikleriniň dürli hili görnüşini hödürleýär, bu ýerde fitnesden başga-da hatha-ýoga, krossfit, çagalar üçin uşu, welotrenažýorda kardiotürgenleşikler, şeýle-de tans sungatynyň esaslaryny özleşdirmek sapaklary hem bar.

Fitnes klubuň iki sany zaly bolup, olaryň biri garyşyk — hem erkekler, hem zenanlar üçin, beýlekisi bolsa diňe zenanlar üçin niýetlenendir.Fitnes klub Gurtly kiçi etrapçasynyň 21-nji hem-de 31-nji jaýlarynda ýerleşýär.

Telefon belgileri: (+993 12) 97 37 03; (+993 63) 84 71 16; (+993 65) 80 74 64.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Üzüm kafesi günortanlyk üçin arzanladyş hepdesini yglan edýär
Üzüm kafesi maşgala dabaralaryny guramak hyzmatyny ýerine ýetirýär
Miweleriň we gök önümleriň şiresi
Döwlet Baştutanymyz nobatdaky ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşyna gatnaşdy
Hasyl toýy: türkmen daýhanlarynyň zähmetiniň şanyna dabaralar
Türkiýäniň Üzüm eksporty 36 Göterim Artdy