Doglan güni bellemek, has anygy bu senäni has dabaralandyryp baýram etmek ynsanlara, onda-da ýakyn hossarlarymyza ýatdan çykmajak pursatlary bagyş edýär. Doglan günleri we beýleki şanly seneleri öýde, maşgala bolup bir saçagyň başynda, şonuň ýaly-da ony kafedir restoranlarda has ýakymly görnüşde bellemek bolýar.
Doglan gündür beýleki ähmiýetli maşgala dabaralaryny guramakda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Üzüm kafesinde müşderiler üçin ähli amatlyklar hem-de mümkinçilikler üpjün edilýär.Tejribeli aşpezleriň taýýarlaýan datly tagamlary, gyzgyn naharlar, müşderiniň islegine görä tagamnamada bolmadyk naharlaryň bişirilip berilmegi, şeýle-de naharlanmak we şonuň bilen birlikde kafeniň täsin gurşawynda hem-de arassa howada gök otlara bürenip duran tebigatda dynç almak ýaly oňaýly şertler Üzüm kafesini maşgala çärelerini bellemek üçin iň ajaýyp ýerleriň biri hökmünde tapawutlandyrýar.
Üzümiň tagamnamasynda türk, Ýewropa hem-de Aziýanyň aşhanasynyň datly naharlary, şirin süýjülikler, Ýewropanyň tiz tagamlary hem-de dürli hili içgiler bar. Kafede müşderilere hödürlenilýän çörekler we bulkalar restoranyň özündäki çörek bişirilýän ýerde taýýarlanylýar.
Bu ýerde aksiýa petegini görkezen islendik müşderä kafeniň esasy menýusyndaky tagamlaryň we içgileriň 10% arzan bahadan hödürlenýändigini aýratyn bellemek gerek. Ýöne, bu aksiýa petegi kafeniň süýjülikleri, hamyrly tagamlary hem-de kofesi üçin däldir (şeýle-de aksiýa petegini sargyt etmezden öňinçä görkezmelidir).
Üzüm kafesiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Ç.Baýryýew köçesi (Mežlauk), 13-nji jaý (Ak Altyn myhmanhanasynyň ýanyndaky ozalky mebel dükanynyň ýerinde). Öňünden ýer belläp goýmak üçin şu telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 12) 36 05 00.
Şeýle-de okaň: