Üzüm kafesi günortanlyk üçin arzanladyş hepdesini yglan edýär

Üzüm kafesi günortanlyk üçin arzanladyş hepdesini yglan edýär

Aşgabadyň türk, ýewropa we panaziat aşhanalarynyň tagamlaryna ýöriteleşen Üzüm kafesi myhmanlary 4-nji awgusta çenli dowam etjek işewürlik günortanlygy (biznes-lanç) aksiýasyna çagyrýar. Aksiýanyň dowam edýän günlerinde sagat 12-den 16-a çenli ähli gyzgyn tagamlar, işdäaçarlar we içgiler 10% arzan bahadan hödürlenýär.

Üzüm kafesi dürli görnüşdäki meşhur italýan, türk, gündogar, kawkaz tagamlary, şeýle hem tagamly süýjülikleri bilen tanalýar. Restoranda gyzgyn naharlardan başga-da, tiz tagam (fastfud), gyzgyn we sowuk içgiler hödürlenýär.

Bu ýerdäki ähli un önümleri (buloçkalar, çörek we ş.m.) kafedäki hususy çörek peçlerinde bişirilýär, şonuň üçin hem olar hemişe täze we hoşboý yslydyrlar.

Her şenbe we ýekşenbe günleri myhmanlar üçin janly aýdym-saz agşamy guralýar.

Şeýle-de Üzüm Aşgabadyň ähli künjeklerine tagamlary eltip bermek hyzmatyny guraýar (hyzmat tölegli, bahasy eltip berilýän salga baglylykda üýtgeýär). Kafeniň hödürleýän tagamlarynyň görnüşleri bilen sosial ulgamdaky sahypasynda ýa-da Ynamdar, Pamador we Dostawka Bar dükanlarynyň onlaýn ulgamlarynda tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Üzüm kafesi maşgala dabaralaryny guramak hyzmatyny ýerine ýetirýär
Üzüm kafesi we Dynamika fitnes kluby bir gezeklik 10% arzanladyş petegini hödürleýär
Janly saz we saýlanan tagamlar: Dejavu restoranynda agşam
Soltan restoranlary mangalda etden taýýarlanýan tagamlaryň köp görnüşlerini hödürleýär
Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar
Soltan Aşgabadyň islendik ýerine tagamlary eltip bermek hyzmatyny hödürleýär