Üýtgeşmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär

Hormatly ýolagçylar Türkmenawtoulaglary agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmak, awtobus gatnawlarynyň bökdençsizligini üpjün etmek maksady bilen, 46-njy Gurtly Wokzal we 88-nji Awtokombinat Wokzal awtobus ugurlaryna 2020-nji ýylyň 2-nji noýabryndan käbir üýtgeşmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär:

Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan ýaşaýyş jaýlar toplumy açylmagy mynasybetli ýokarda görkezilen 46-njy awtobus ugruna üýtgeşmeler girizilip, bu awtobus ugry Gurtly belleniş nokadyndan başlap, Ruhabat köçesi Gurbansoltan eje şaýoly Taslama köçesi Magtymguly şaýoly Türkmenbaşy şaýoly Görogly köçesi N.Andalyp köçesi A.Nyýazow şaýoly “Mahabat” binasy ugry boýunça hereket eder we soňra “Mahabat” binasy - Türkmenbaşy şaýoly Magtymguly şaýoly Taslama köçesi - Gurbansoltan eje şaýoly Ruhabat köçesi “Gurtly” belleniş nokady ugry boýunça hereket eder.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 28-60-30, 28-60-80

Ýene degişli makalalar

70-nji “Awtokombinat Gurtly” awtobus ugry üýtgediler
Paýtagtymyzdaky №70 belgili awtobus täze ugur boýunça hereket eder
Aşgabatda käbir awtoulag ugurlaryna üýtgeşme girizildi
S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýolynda
Aşgabatda 43-nji we 46-njy awtobus gatnaw ugurlaryna üýtgeşme giriziler
Aşgabatda 6 sany awtobus gatnawlaryna üýtgeşme girizildi