Adamyň oýlap tapyjylyk ukybynyň çägi ýok.Taryhda adamzadyň özüne gerekli zady akyl-paýhasy bilen döredendigini görmek bolýar.Gadymy döwürlerde adamlar üst-başynyň ykjam bolmagy üçin ütüklemegiň dürli usullaryny hem köp ýyllaryň dowamynda kämilleşdiripdirler.
Eşikleriň tekiz görünmegi üçin peýdalanylan daşlary ilkinji ütük hasaplasa bolar. Çyg geýim-gejimler birnäçe sagatlap şol iki daşyň arasyna goýlupdyr.Miladydan ozalky IV asyrda Gresiýada eşik ütüklemek üçin gyzdyrylan ýasy demir ulanylypdyr.
Orta asyrlarda bolsa, taba çalym edýän enjamyň içine köz bölejikleri salnyp gyzdyrylypdyr.Wagtyň geçmegi bilen daşky görnüşi häzirkilere meňzeş ütükler peýda bolupdyr.Ol ütükler gapakly bolup, içindäki köz gaçmansoň, has howpsuz bolupdyr. Şol ütükleriň iki tarapynda közleriň köredilmegi üçin yşlar goýlupdyr.
Soňlugy bilen içine gyzdyrylan demir bölegini salmak arkaly gyzdyrylýan çoýun ütükler peýda bolupdyr. Çoýun ütükleriň bu görnüşi Ýewropa ýurtlarynda XVII asyrlarda oýlanyp tapylypdyr. Çoýun ütükleriň agramy on kilograma çenli bolup, ony ýarym sagat çemesi otda gyzdyrmaly eken.
XVIII asyrda çoýun ütükleriň köpçülikleýin önümçiligi ýola goýulýar.XIX asyryň ahyrlarynda gaz bilen işleýän ütük oýlanyp tapylypdyr, emma olar ýaýramandyr.Tok bilen işleýän ütük 1882-nji ýylda amerikan inženeri Genri Sili tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. 7 kilograma golaý bolan bu ütügi gyzdyrmak üçin köp garaşmaly bolupdyr.
On ýyldan soň “General Electric” hem-de “Crompton & Co” şereketleri spirally ütügi köpçülige hödürläpdir. Şondan soňra ütügiň howpsuz görnüşleri ýaýrap başlapdyr.Soňky ýyllarda ütüge gyzdyryjylyk derejesini kadalaşdyryjynyň oturdylmagy hem-de çoýun düýbüniň aýnakeramiki we nikel materiallar bilen çalşylmagy bilen ol has-da kämilleşdirilidi.
Biziň günlerimizde bolsa, ütügiň içine suw guýulýan görnüşleri bolup, olar ýygyrtlary bug bilen ýazmaga ýardam edýär.
Taýýarlan Altyn Atakowa, TMÝG-niňGörogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.