Üsti açylýan krossower: 999 sanysy öndüriler

“Volkswagen”-iň krossower modeli “T-Roc”-yň üsti açylýan täze görnüşi öndüriler. 999 sanysy öndüriljek modeliň ilkinji nusgasy 2018-nji ýylda peýda bolupdy.Häzire çenli bu ulagdan 1 milliona golaýy satyldy.

Ulagyň kabriolet, ýagny üsti açylýan ilkinji nusgasy 2020-nji ýylda öndürilipdi. “Volkswagen T-Roc Cabriolet Grey Edition” atly täzelenen nusgada 18 dýuýmlyk diska, LED çyra, yzyny görüp bolýan kamera ýaly tehniki aýratynlyklar bar.

Müşderiniň islegine görä, satylýan “Edition Plus” görnüşiniň tekerleri 19 dýuýmlyk bolup, goşmaça “BeatsAudio” ses ulgamy bilen üpjün edilen.Ulagyň kuwwaty 148 at güýjüne barabar bolup, hereketlendirijisiniň iş göwrümi 1,5 litre deň.

Sargyt kabul edilip başlanan ulagyň 2023-nji ýylyň fewralynda müşderilere ýetiriljekdigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Kazanda BRICS-iň sammiti başlaýar
The Information: Apple iPhone 14 Plus-yň önümçiligini azaldýar
iPhone 14-iň bahasy iPhone 13-iňkä garanda iki esse çalt düşýär
Apple islegiň pesligi sebäpli iPhone 14-iň önümçiligini artdyrmakdan ýüz öwürdi
Vivo eplenýän ekranly telefonyny tanyşdyrdy
Subaru XV krossoweriniň täze neslini görkezdi