UEFA möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragy almaga mynasyp görülýän üç dalaşgäriň adyny yglan etdi. Bu barada sports.ru habar berdi.
Baýrak üçin Jorjinýo, Ngolo Kante (ikisi hem "Çelsiden") we Kewin de Brýuýne ("Mançester Siti") dalaşgär görkezildi. Olaryň üçüsiniň hem Angliýanyň Premýer ligasynyň toparlarynda çykyş edýändigi bellärliklidir.
Baýragyň bu üç finalçysy Ýewro-2020-ä gatnaşyjy toparlaryň 24 tälimçisiniň, geçen möwsüm Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşan klublaryň 80 tälimçisiniň arasynda ses bermek arkaly saýlandy. Şeýle-de UEFA girýän milli assosiasiýalaryň hersinden bolan jemi 55 žurnalist hem emin agzalarynyň düzümine goşuldy.
Möwsümiň iň gowy oýunçysy adyna zenanlar futboly boýunça dalaşgärler hem belli boldy. Baýrak ugrunda zenanlardan Jennifer Ermoso, Like Martens we Aleksiýa Putelýas (ählisi hem "Barselonadan") bäsleşer.
Ýeňijiler 26-njy awgustda Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň Türkiýede geçiriljek bije çekilişiginde yglan ediler.