UEFA Çempionlar ligasynyň finalynyň topuny görkezdi

UEFA Çempionlar ligasynyň finalynyň topuny görkezdi

UEFA-nyň metbugat gullugy 28-nji maýda Parižde geçiriljek Çempionlar ligasynyň finalynyň resmi topuny görkezdi. Bu barada inoprosport.ru habar berýär.

Bu top ýaryşyň tehniki hemaýatkäri Adidas kompaniýasy tarapyndan hödürlendi.Onda Adidas-yň we Çempionlar ligasynyň logotipleri bilen ýyldyzlar, şeýle-de rus we iňlis dillerinde “Parahatçylyk” (“МИР” we “PEACE”) ýazgysy ýerleşdirilipdir. Öň, UEFA Russiýanyň klublaryny we dürli ýaşdaky milli ýygyndylary ýewrokubok ýaryşlarynyň indiki möwsümine gatnaşmakdan çetleşdirdi. Çempionlar ligasynyň aýgytly oýnunda “Real” bilen “Liwerpul” duşuşar.

Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 0:00-da başlar. “Liwerpul” ýaryşyň ýarym finalynda “Wilýarrealy” utdy, “Real” bolsa iki duşuşygyň netijesinde “Mançester Sitiden” üstün çykdy.

Ýene degişli makalalar

Polisiýa işgärleriniň söwda dükanlaryndan mugtuna haryt almagy bilen bagly wakalar gaýtalanýar
Balkan welaýatynyň býujet işgärleri pagta meýdanyna ugradylýar
Halkara guramalary Türkmenistanyň pagta pudagyndaky mejbury zähmete garşy webinar geçirdi
Adidas Nike şereketini patentleriň düzgünini bozmakda aýyplap, kazyýete berdi
Amazon aýakgaplary wirtual ölçemek funksiýasyny girizýär
Aşgabadyň we Türkmenbaşynyň arasynda demir ýol we awtobus gatnawlary gaýtadan dikeldilýär, 20-nji maýda Türkmenistandan Russiýa ýörite uçusy amala aşyrylar, Aşgabatda Atatürki hatyralama baýramy geçirildi we beýleki habarlar