UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirildi.

UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirildi.Azerbaýjanyň çempiony “Garabag” öz meýdançasynda “Ludogores” toparyndan 2-1 hasabynda asgyn geldi. Öz meýdançasynda utulan toparlaryň ýene biri-de Polşanyň çempiony “Ýagelloniýa” topary bolup, Norwegiýanyň “Bude-Glimt” topary Dueguesiň awtoly esasynda iň kiçi hasap bilen ýeňiş gazanmagy başardy.

Slowakiýanyň “Bratislawa” topary Kipriň APOEL toparyny Petrowiç (71 ö.d.) hem-de Makyň (90+4) gollary bilen, Daniýanyň “Midtýullan” topary-da Wengriýanyň çempiony “Ferenswaroşy” Buksa (17) hem-de Džunyň (69) gollary esasynda 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çehiýanyň “Sparta Praga” topary bilen Rumyniýanyň FKSB toparlarynyň (Olatunsi 78 Dawa 61) hem-de Şwesiýanyň “Malmö” topary bilen Gresiýanyň PAOK toparynyň (Ýansson 28, Nanasi 67 Taison 42, Rahman 75) arasyndaky duşuşyklarda ýeňiş gazanan bolmady.

Çempion däl klublaryň arasynda Praganyň başga bir kluby “Slawiýa” öz meýdançasynda Belgiýanyň “Ýunion Sent-Žilluaz” toparyny Çori (2) hem-de Dorliniň gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňdi.

Fransiýanyň “Lill” topary-da öz meýdançasynda Türkiýäniň wise-çempiony “Fenerbahçeni” kabul edip, soňky minutda ýeňiş gazanmagy başardy. 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan fransuz klubunyň gollaryny Oosterwolde (12 ö.d.) bilen Žegrowa (90+1), türk toparyny goluny bolsa Kahweji (80) geçirdi.

Polşada “Reýnjers” bilen duşuşan Kiýewiň “Dinamosy” Ýarmolenkonyň 37-nji minutdaky goly bilen öňe geçse-de, 90+4-nji minutda ýeňşi elden giderdi. Şotland klubunyň goly Dessers öz adyna ýazdyrdy. “RB Salsburg” topary-da Kergoryň gollary bilen “Twenteden” 2-1 hasabynda üstün çykdy.

Jogap duşuşyklarynyň ählisi-de 13-nji awgustda oýnalar.

2-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklarynyň netijeleri: “Garabag” (Azerbaýjan) “Ludogores” (Bolgariýa): 1-2, “Slowan Bratislawa” (Slowakiýa) APOEL (Kipr): 2-0, “Sparta Praga” (Çehiýa) FKSB (Rumyniýa): 1-1, “Malmö” (Şwesiýa) PAOK (Gresiýa): 2-2, “Midtýullan” (Daniýa) “Ferenswaroş” (Wengriýa): 2-0, “Ýagelloniýa Belostok” (Polşa) “Bude-Glimt” (Norwegiýa): 0-1; “Slawiýa Praga” (Çehiýa) “Ýunion Sent Žilluaz” (Belgiýa): 3-1, “Lill” (Fransiýa) “Fenerbahçe” (Türkiýe): 2-1, “Dinamo Kiýew” (Ukraina) “Reýnjers” (Şotlandiýa): 1-1, “Red Bull Salsburg” (Awstriýa) “Twente” (Niderlandlar): 2-1

3-nji tapgyryň bijeleri (20-21-nji, 27-28-nji awgust):

“Ýang Boýz” (Şweýsariýa) “Galatasaraý” (Türkiýe), “Dinamo Zagreb” (Horwatiýa) “Garabag” (Azerbaýjan)/“Ludogores” (Bolgariýa), “Midtýullan” (Daniýa)/“Ferenswaroş” (Wengriýa) “Slowan Bratislawa” (Slowakiýa)/APOEL (Kipr), “Ýagelloniýa Belostok” (Polşa)/“Bude-Glimt” (Norwegiýa) “Srwena Zwezda” (Serbiýa), “Malmö” (Şwesiýa)/PAOK (Gresiýa) “Sparta Praga” (Çehiýa)/FKSB (Rumyniýa); Çempion däl toparlar: “Lill” (Fransiýa)/“Fenerbahçe” (Türkiýe) “Slawiýa Praga” (Çehiýa)/“Ýunion Sent Žilluaz” (Belgiýa), “Dinamo Kiýew (Ukraina)/“Reýnjers” (Şotlandiýa) “Red Bull Salsburg” (Awstriýa)/“Twente” (Niderlandlar)

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
“Fenerbahçe”, “Olimpiakos” toparlary üçin Çempionlar Ligasy tamamlandy
UEFA Ýewropa ligasy
Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy