Üçünji çärýegiň jemi boýunça Apple-iň akylly sagatlaryň bazaryndaky paýy 10% azaldy

Üçünji çärýegiň jemi boýunça Apple-iň akylly sagatlaryň bazaryndaky paýy 10% azaldy

Şu ýylyň üçünji çärýeginde akylly sagatlaryň global üpjünçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16% ýokarlandy. Şeýle maglumatlary Counterpoint Research analitik kompaniýasynyň hünärmenleri ýetirýär diýip, www.ixbt.com habar berýär.

Galaxy Watch 4 seriýasynyň çykmagy bilen Samsung kompaniýasy çärýekleýin üpjünçiligiň iň ýokary derejesine ýetip, Apple-den aratapawudyny azaltdy we Huawei-den ikinji orny aldy. Akylly sagatlaryň bu seriýasy bilen günorta koreýaly öndüriji Tizen-iň deregine Android esasly Wear OS-y ulanyp, programma ekosistemasyny giňeltdi. Täze önüm iki görnüşde esasy we klassyk görnüşlerde hödürlendi.

Dakylýan gurluşlar üçin operasion sistemalar barada aýdylanda, Wear OS öz ornuny berkitdi. Eger geçen çärýek ol smart-sagatlaryň bary-ýogy 4%-ine gurnalan bolsa, üçünji çärýekde onuň paýy 17%-e ýetdi. Apple watchOS-yň paýy ikinji çärýekdäki 28%-den üçünji çärýekde 22%-e çenli azaldy.

Apple kompaniýasy henizem birinji orny eýeleýär, ýöne onuň paýy ýyllyk aňlatmasynda 10% azaldy. Üçünji orunda Amazfit ýerleşýär.

Analitikler bu çärýegiň esasy wakalaryna hindi brendleriniň çalt ösüşini degişli edýärler. Hindistanyň bazarynda birinji we ikinji orunlary eýeleýän Noise we boAt akylly sagatlarynyň üpjünçilik möçberi geçen çärýekdäki satuw möçberinden iki esse ýokary boldy.

Ýene degişli makalalar

Samsung Galaxy Watch akylly sagatlary indi başga planetalardaky wagty hem görkezýär
Apple 2021-nji ýylyň iň gowy oýunlaryny we programmalaryny yglan etdi
Meşhur filmiň 2-njisi 18 ýyldan soň surata düşüriler
Facebook 2022-nji ýylda hususy akylly sagadyny çykarar
Sportuň taryhynda şu gün 23-24-nji dekabr
SESSION ENTITLED CONTRIBUTION OF STATES AND INTERNATIONAL ORGANIZATIONS TO GLOBAL PEACE BUILDING PROCESSES WAS HELD IN THE INTERNATIONAL UNIVERSITY FOR THE HUMANITIES AND DEVELOPMENT OF TURKMENISTAN