Üçekde 25 ýyl ýatan kürüşge 13,5 müň ýewro satyldy

Üçekde 25 ýyl ýatan kürüşge 13,5 müň ýewro satyldy

Patyşa Georg VI täç geýmeginiň hormatyna çykarylan sowgatlyk kürüşge 25 ýyllap öýleriň birinde üçekde ýatandan soňra, britan söwda-satyg auksionynda 13,5 müň ýewro satyldy. Bu barada BBC News ýaýlymyna salgylanýan Gazeta.ru habar berdi.

Keramikadan ýasalan sary kürüşge suratkeş Erik Rawilius tarapyndan bezelip, Patyşa Georg VI we Şa aýal Ýelizawetanyň täç geýmek dabarasyna bagyşlanypdyr. Ol eýesiniň öýüniň üçeginde geçen asyryň 90-njy ýyllaryndan bäri el degrilmän ýatypdyr. Oňa Market-Harboro şäheriniň Gildings auksionynda 800 ýewro möçberde başlangyç nyrh kesilipdir, ahyrda ol garaşylýan bahadan 16 esse gymmat satylypdyr.

Gaplaryň toplumynda dürli reňkden bolan ýene dört sanysy bar, olarda Patyşanyň tugrasy we feýerwerk şekillendirilipdir.

Ýene degişli makalalar

Beýik Britaniýa Karl III täç geýdirmek dabarasyna 125 million dollar sarp eder
ABŞ-nyň Ýarag Satuwy Geçen Ýyl 238 Milliard Dollara Barabar Boldy
BBC 130 Işgärini Işden Çykarar
BBC: ylham berýän 100 zenan
Özbegistanly zenan dünýäniň 100 zenany sanawyna girdi
Meşhur serialyň ilkinji bölümi görkezilýär